başaşak

[başaşa:k]

Kellesi aşak, başy aşak, agzy aşak, ýokarsy aşaklygyna.

  • Küýzäni göterip, başaşak egdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Siz meni guýa sallajak bolsaňyz, onda başaşak sallaň! («Türmen Halk Ertekiler ýygyndysy»)

  • Oraz derýanyň gyrasynda durup, suwa başaşak urdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem başaşak - başaşagy.