baýyr

Dag etegindäki belentli-pesli depe, pes, ýapgyt dagjagaz.

  • Hoşgeldi bu gün düme ekinlerine aýlanyp baýyr hem daglara çenli gezipdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Gözellik bar baýrynda, düzünde, Jaýlar salnypdyr dagyň ýüzünde. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Aşgabadyň baýyrlary, daglar eýýäm al-ýaşyl bolup gülledi. (Ata Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem baýyr - baýry.