baýramçylyk

Biriniň ýa-da bir zadyň hormatyna, şanyna, hatyrasyna baýram geçirilýän günler.

  • Baýramçylygy örän gowy geçireris. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Baýramçylyk wagtynda ähli Gresiýadan täjirler Olimpiýa ýygnanypdyrlar. (Gadymy Dünýä Taryhy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem baýramçylyk - baýramçylygy.