baýlyk

[ba:ýlyk]

Araby goýnuň guýrugynyň ujundaky ösüntgi, guýrujak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem baýlyk - baýlygy.

baýlyk

[ba:ýlyk]

  1. Mal-mülklülik, gurplulyk, zatlylyk.

    • Baýlaryň baýlygy, handa hazyna, Az gelipmiş şa gyzynyň bahasyna. («Edebiýat»)

  2. Maddy-material zatlar, gymmatly zatlar, pul we ş. m.

    • Bu otagyň baýlygy meni geň galdyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Aň-düşünje, tejribe, kämillik taýdan ösenlik.

    • Beýik Rus şahyrynyň ölmez-ýitmez eserleri adamzadyň baýlygyny artdyrdy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem baýlyk - baýlygy.