baýlaşdyrmak işlik

[ba:ýlaşdyrmak]

  1. Has baý etmek, mally-mülkli etmek, ösdürmek, gurplandyrmak.

  2. Bir zadyň ýeterlik derejede üstüni doldurmak, köpeltmek, artdyrmak.

    • Üýtgeşik akylly we örän bilimli adam bolan Çaadaýew bilen gürrüňleşmegi şahyryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýardy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Institutyň fonduny ýylyň-ýylyna hekaýalar, aýdymlar, nakyllar, dessanlar bilen baýlaşdyrmak gerek.