baýguş

[ba:ýguş]

Zoologiýa Köplenç harabalykda ýaşaýan uly tegelek gözli, tokga kelleli, egri çüňkli guş.

  • Golaýjykda bir baýguşuň, Çakar sesine diň saldy. (Çary Aşyr, Ganly Saka)

  • Dälije bir gün sygryny bakyp ýörkä, bir baýguşa duş gelýär. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

  • Baýguşuň rysgaly agzyna geler. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem baýguş - baýguşum, baýguşuň.