baý1

  1. Örän gurply, köp hasylly, zady bol.

    • Müsür obşinalarynda baý maşgalalar peýda bolupdyrlar. (Gadymy dünýä taryhy)

  2. Malk-mülk eýesi, garyplary, batraklary ekspluatirleýän barly adam.

    • Ilkidurmuş obşinasynda baý-da, garyp-da ýok eken. (SSSR taryhy)

    • Baýyň berenin görmedim, hudaýyň -- keremin. (nakyl)

    • Baý täze don geýse: «Gutly bolsun! » diýerler; garyp täze don geýse: «Nirden aldyň?» diýerler. (nakyl)

  3. Oba hojalygy we halk hojalygy ýeterlik derejede ösen.

dile baý

seret dil2

  • Begenç, seniň diliň örän çeper, meňzetmelere örän baý. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

baý2 ümlük

Haýran galmagy, geň galmagy täsin galmagy aňladýan ümlük.

  • Baý, bu günüň yssydygyny! («Mydam taýýar» gazeti)

  • Baý, munuň dilini. (Şekspir, Otello)

  • Baý, ene, sen hem içagyry bolan bolsaň, bir eýýäm alardyň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

baý3

Elbetde, hökman.

  • Sürýän traktoryň şu bolsa, baý, dynç alarsyň-a! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Baý, azap çekendirin-ä! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)