büs-bütin

[büs-büti:n]

Düýpgöter, bütinleý, düýbünden.

  • Derýa boýundaky jeňňel bilen çölüň arasyny tutup, iki tarapa-da uzalyp gidýän ummasyz giňişlik bolsa büs-bütin çüýşe garyndysy bilen dolup duran ýalydy. (N. Jumaýew, Ak derek)

  • Şol gürrüňler Aýnany büs-bütin odukdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)