bürmek 1

Botanika Dik ösýän we daşy tüýjümek uzynja çogdam däneli birýyllyk haşal ot, ýapyşak.

  • Onuň endam-janyna bürmek ýapyşypdyr.

bürmek 2 işlik

  1. Ýygyrmak, büzmek.

    • Haltanyň agzyny büzmek.

  2. Çytmak, ýygyrmak.

    • Ol öz-özünden ýylgyryp, öýüniň gapysyny açdy-da, birden gaşlaryny gaharly bürüp, bosagada togtady. (N. Jumaýew, Ak derek)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem bürmek - bürdüm, bürdüň, bürüpdir.


Duş gelýän formalary
  • bürmeklerini