bürüşmek işlik

  1. Ýygrylmak, çytylmak.

    • Onuň çep gözüniň ýokary gatlagy peşehorda çykyp gutulan ýaly bürşüpdir. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Birden ene çytyk gaşy bürüşdi. (A. Atajanow, Iki Poema)

  2. Endamyň bir ýeri ýa-da başga bir zat oda ýa-da gaýnan suwa ýanyp çürüşmek.

    • Olar bütinleý oda gowrulyp bürşüpdirler. (O. Gonçar, Baýdak Göterijiler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem bürüşmek - bürşer, bürşüpdir.