bükmek işlik

  1. Zady epmek, egmek.

    • Bir eliniň barmaklary bilen beýlekisiniň barmaklaryny büküp gözlerini asmana dikip, ahyr soňy hem jogaba garaşýan Baýrama naýynjar garady. (N. Jumaýew, Ak Derek)

  2. Gyralaryny epip, biri-birine berkitmek, eplemek.

    • Ertir bilen börek büküp goýupdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem bükmek - bükdüm, bükdüň, büküpdir.

bil bükmek

seret bil

  • Ozalky daýhançylygyň agyr zähmeti bilimi bükdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)