bükülmek işlik

  1. Egretmek, epilmek.

    • Arassa misden ýasalan zatlar tiz wagtda kütelýär we aňsat bükülýär eken. (SSSR taryhy)

  2. Aşak egilmek, ýapyrylmak.

    • Nätanyş biraz wagt durup, agajyň sütünden aýryldy, büküldi we gapdaldaky agaja tarap ylgady. («Mydam taýýar» gazeti)

bil bükülmek

seret bil

  • Bili bükülmändir, sakgaly ak däl. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

iki bükülmek

Lepbeý diýip durmak, gorkyňdan baş egmek.

  • Ol gorkup, iki bükülip, ýere giräýjek bolýar.