böwrek böw‧rek

Anatomiýa Oňurgalylarda peşew bölüp çykarýan organ.

  • Kömürturşy gazyndan başga bölüp çykaryş organlary-böwrekler arkaly bedeninden çykýan başga maddalar hem gana girýär. (W. F. Şalaýew, N. A. Rykow, Zoologiýa)

  • Bularyň goňşularynyň düýesi tiz böwrek keselinden ölüpdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem böwrek - böwregi.

böwregi bökmek

Begenji içine sygman, keýpi kök bolmak.

böwregi ýarylmak

Gahary gelmek, gyzma bolmak.

  • Sen ýaly bilimlem görlüpdir-le, ne beýle böwregiň ýarylyberdi. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)


Duş gelýän formalary
  • böwrege
  • böwregi
  • böwregim
  • böwregimde
  • böwregimi
  • böwregin
  • böwreginde
  • böwreginden
  • böwregindäki
  • böwregini
  • böwreginiň
  • böwregiň
  • böwregiňde
  • böwregiňdäki
  • böwregiňki
  • böwrekde
  • böwrekden
  • böwrekdäki
  • böwrekler
  • böwreklerde
  • böwreklerden
  • böwreklerdäki
  • böwreklere
  • böwrekleri
  • böwreklerinden
  • böwreklerini
  • böwrekleriniň
  • böwrekleriň