Suwuň öňüne edilýän bent.
Adamlar edil sakanyň alkymyndan böwet basaýmalydyr öýdüp oýladylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Suw aşak urup böwedi deşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ösüşe, herekete ýol bermeýän ýagdaý, güýç, kynçylyk, päsgelçilik.
Men indi siziň gurjak bolýan böwetleriňizi böwüsmek üçin göreşe çykdym. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem böwet - böwedi.