böwüsmek işlik

  1. Bir zady ýaryp çykmak, bölüp geçmek, bölmek.

    • Aýsyz garaňky gijäniň tümlügini böwsüp barýan çyranyň yşygy çar töwerege ýaýrapdy.

    • Mümkin däl zähmetsiz ýagşy ýaşamak, Böwsüp geçýäs çägeleri, ylaýy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Hüjüm bolsa öňe geçer ol böwsüp. (K. Işanow, Watan üçin)

  2. Ýykyp geçmek, deşmek.

    • Iýul we Awgust aýlarynda suw derýa kenarlaryndan agýar we bentleri ýygy-ýygydan böwüsýär. (Gadymy Dünýä Taryhy)

    • Hawa, derýanyň böwsen wagty hem bolupdy. (M. N. Skaýkin, Jansyz Tebigat)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem böwüsmek - böwser, böwsüpdir.