böwür

  1. Bil bilen goltugyň aralygy, bykyn.

    • Mawy gözli daýhanyň ýanyda duran beýleki daýhan onuň böwrüne dürtdi. (M. Gorkiý, Ene)

  2. Bir zadyň bir burçy, gapdaly, tarapy.

    • Çaýyň ol böwründe oturan bir näçe gelin-gyz öz aralarynda jedelleşýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Döläniň bir böwrüne zyňlyp, çalam-çaş bolup ýatan bir küti kitap onuň eline ildi. (A. Gowşudow, Mähri- Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem böwür - böwrüm, böwrüň, böwri.

böwri bükgüldemek

Ynjalyksyzlanmak, birahatlanmak.

  • Bu ýagdaý Muhammediňde böwrüniň bükgüldisini artdyrman durmady. (N. Pomma, Sebebini Soň Bildim)

böwrüňi diňlemek

Birneme aýlanyp durmak, oýlanmak, pikirlenmek.

  • Häliden söze goşulman, böwrüňi diňläp oturan Çerkez Pökgi wala sorag berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Dymdy gary, öz böwrüne diň salyp. («Sowet edebiýaty» žurnaly)