[bö:lek]
Bitewiden bölünen zat, bir zadyň belli bir mukdary, tike.
Tilki az ýörän, köp ýörän. Bir bölek etiň üstünden baryp, ol eti iýjek bolupdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Tarap, künjek, topar.
Goçmyradyň howlysy Aşgabat şäheriniň günbatar-demirgazyk böleginde ýerleşýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bölek - bölegi.
seret aý
Onuň aýyň bölegi ýaly ýüzini, nogta gara saçlaryny, geýimlerini tozan basypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)