bölüm

[bö:lüm]

  1. Bir edaranyň, kärhananyň aýry-aýry pudagy ýa-da bir guramanyň düzümine girýän edara.

    • Pökgen telefonuň gulagyny towlap, raýon oba hojalyk bölümi bilen gepleşjek boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Mekdepde dokmaçylary, egrijiler, tikinçileri, ýüpekçileri taýýarlaýan bölüm bar.

  2. Teatr Sahnada goýulýan oýunlaryň bir görnüşi, bölegi.

  3. Harby termin Kiçi harby podrazdeleniýe.

    • Gurt öz ýoldaşlary bilen birlikde bölümlerine gowuşdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Pyýada goşun bölümi.

  4. Kitabyň, gazetiň temalar boýunça bölünýän bölegi, baplary.

  5. Uly magaziniň, dükanyň belli bir ugurdan zat satýan bölegi, tarapy gapdaly.

    • Dükan giň we garaňkyrak iki bölüme bölünýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)