Towsup-towsup gitmek, towsaklamak, bökejeklemek.
Şu bolşuň bilen bökjekläp ýörseň-ä gelişmän hem durjak däl! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Göçme manyda Şadyýan oýnamak, şatlyk etmek.
Olar «öz-özünden gaýnaýar» diýýärler -- diýip, begenjinden ýaňa bökjekläsi gelip gepledi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Firidunyň ýüregi sabyrsyzlyk bilen bökjekledi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)