Zoologiýa Siňekleriň toparyndan bolan, haýwanlary dişleýän, gögeýine meňzeş möjejik.
Edil bökelek ýaly hemmämize ulukjyn berýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Edil bökelek dişlän ýaly, ýüzüni turşadyşyna seret! (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bökelek - bökelegi.