bökdürmek bök‧dür‧mek işlik

  1. Birini ýa-da bir zady ýokary-ýokary towusdyrmak.

    • Berekella hanym! -- diýip bökdürdi, özi hem oýnady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir ýerden ýa-da bir zadyň üstünden towsup geçirtmek.

    • At münüp barýerden bökdürmäge welin, onuň duran ýeridi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ýürek bökdürmek

seret ýürek 1

  • Şol habar onuň ýüregini bökdürmäge başlady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)


Duş gelýän formalary
  • bökdürdi
  • bökdüren
  • bökdüreni
  • bökdürip
  • bökdüripdir
  • bökdürmek
  • bökdürmäge
  • bökdürýän
  • bökdürýär