[bö:gürmek]
«Böö» edip seslenmek (käbir mal hakynda).
Içinde doňuzlar bögürip, şagallar uwlaşýan hyşalyklary, gamyşlyklary, batgalyklary, zorluklary ýok edip, aňyrsyna göz ýetmeýän kartalar çekdik. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Göläniň bögüren sesi hiç ýere ýetmänkä, garyn içegesi çogup çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Gygyryp aglamak, zörledip aglamak.
Ol çydam etmän bögürmäge başlady.