bälçiklik

Degişgenlik, wäşilik.

  • Öwez ýa-da mugallym Aman ýaly ýigitler bilen edilýän gürrüňlerde bälçiklik örän seýrek bolýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Başlygyň soňky sözlerinde bälçiklik äheňi bar ýalydy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bälçiklik - bälçikligi.

bälçiklige salmak

Oýun eden bolmak, degişmek.

  • Kaka nätdiň, haty okap bildiňmi? -- diýip, bälçiklige salyp gygyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)