bähbit at

[bähbi:t]

Bir işden gelip çykýan peýda, haýyr.

  • Döwlet bähbidini goramak duýgusy Aýsoltanda hiç wagtda sönmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Kakaň il bähbidi bardyr öýden ýerinde janyny aýamaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bähbit - bähbidi.

bähbit bola

Haýyr bolsun, peýdaly bolsun.

  • Bähbit bola, aýdyp oturyň! (H. Ysmaýylow, Iki Atanyň Ogly)