bäbenek

Anatomiýa Gözüň göreji bilen birigen almasy, özeni.

  • Görejimde bäbenek sen, söýgüli şanly Watan! (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Artygyň otlukly gözleriniň bäbenekleri gün şöhlesi bilen bäsleşýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bäbenek - bäbenegi.