bäşlik

  1. Bäşi bildirýän sifr.

  2. Okuwçylaryň okaýşyna goýulýan iň ýokary baha.

    • Bäşlik bahalar bilen ýokary klasa geçmeli. Ol hemme derslerinden bäşlik aldy.

  3. Oýnalýan bäş gülli kart.

  4. Käbir zatlaryň ölçegini kesgitleýän san.

    • Bäşlik manat.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bäşlik - bäşligi.


Duş gelýän formalary
  • bäşlige
  • bäşligem
  • bäşligi
  • bäşligimiz
  • bäşligine
  • bäşliginiň
  • bäşligiň
  • bäşlikden
  • bäşliklerinden
  • bäşliklerini
  • bäşlikleriň