azmak işlik

[a:zmak]

  1. Ýoldan çykmak, ýoluňy urdurmak, ahlak taýdan bozulmak.

    • Şu hili ýagdaýda iň abraýly maşgalanyň hem azmagy mümkin-diýdi. (N. Jumaýew, Ak derek)

    • Durmuşda azan abraý gaçyrýar. («Tokmak» žurnaly)

    • Gyzyl görse, hydyr azar. (nakyl)

  2. Çişmek, beterlemek, simlemek (ýara hakda).

    • Onuň elindäki ýara azypdyr.