azatlyk a‧zat‧lyk

[aza:tlyk]

Bir ýurduň, jemgyýetiň ýa-da onuň çlenleriniň jemgyýetçilik-syýasy taýdan garaşsyz bolmaklygy, özygtyýarlylyk, hak-hukuklylyk, erkinlik.

  • Pökgen aganyň aýallar azatlygyna garşy pikiri ýok däldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Azatlyk nirede, hukuk nirede, Gaýda diýdi: -- Gorpa basyň süýrede! (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Watanymyzyň azatlygy üçin bar güýjümizi we janymyzy aýamarys.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem azatlyk - azatlygy.

azatlyk bermek

Hakly, hukukly etmek.


Duş gelýän formalary
  • azatlyga
  • azatlygam
  • azatlygy
  • azatlygydyr
  • azatlygymyzy
  • azatlygyn
  • azatlygyna
  • azatlygynam
  • azatlygynda
  • azatlygyndan
  • azatlygyny
  • azatlygyny-da
  • azatlygynyň
  • azatlygyň
  • azatlykda
  • azatlykdadygyny
  • azatlykdaky
  • azatlykdan
  • azatlykdyr
  • azatlyklar
  • azatlyklara
  • azatlyklardan
  • azatlyklary
  • azatlyklaryna
  • azatlyklaryndan
  • azatlyklaryny
  • azatlyklarynyň
  • azatlyklaryň
  • azatlyklaryňy
  • azatlyklaryňyz
  • azatlyklaryňyzyň