azar at

[aza:r]

  1. Agyry, yza, kesel, dert.

    • Onuň endamynyň azarlarymy, ýa-da pikir-hyýaly ony horlaýarmy, garaz, Gurduň gözüne uky gelmeýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Horluk, azap, jebir, kynçylyk.

    • Olaryň azarlaryny bize ýetirmeýärler.

    • Günbe-günden beterläp, Artýardy meň azarym. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Biz çekilen azarlaryň tiz soňuna çykdyk. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

azar bermek

Birahat etmek, ynjalyk bermezlik, horlamak, ynjatmak.

  • Gyzka Amansoltanyň Nepese azar berýän, gödek degişýän wagtlary bolýardy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

azar bolmak

Dert bolmak, iş bolmak.

  • Emma welin, men şeýle erbet garagolçulygym sebäpli Gurban aga uly zyýan berenime, ile-güne hem uly azar bolanyma, öz janymy gynanyma düşündim. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

azar edinmek

Alada, ünji etmek, ynjalyksyzlanmak.

  • Siz azar edinmäň, meniň agyrýan ýerim ýok. (M. Gorkiý, Ene)

azara galmak

seret azar edinmek

  • Azara galyp geleniňiz üçin köp sag boluň! («Tokmak» žurnaly)

azara goýmak

Aladalandyrmak, görgä goýmak.

  • Agyr ýaraly teni, Azara goýdy meni. (A. Kekilow, Söýgi)