azaltmak işlik

[a:zaltmak]

  1. Bir zady kemeltmek, egismek, egsik etmek, gowzatmak.

    • Seriýe daýza onunjy güni azyklyklarynyň tükenip başlanyny duýdy we gündelik harjy ep-esli azaltdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Öňki bolşundan peseltmek, gowşatmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem azaltmak - azaldýar, azaldar, azaldypdyr.