azalmak işlik

[a:zalmak]

  1. Kemelmek, egsilmek, az bolmak, gowzamak.

    • Onuň suwunyň mukdary 940 kubometr azaldy.

  2. Öňki derejesinden az bolmak gowşamak, gysgalmak, ýuwaşamak.

    • Gowaçanyň iç işi biraz azalypdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ojakdaky ot sönýärdi, tüsse azalýardy we içeri sowaýardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)