azajyk

[a:zajyk]

  1. Birnemejik, birazajyk, köp däl, az-kem.

    • Bulutsyz tämiz howada azajyk öwüsgin bardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Azajyk gaýgyny iş basar, azajyk agyryny-aş. (nakyl)

  2. Uly bolmalyk, gysgajyk, uzyn däl.

    • Manysy azajyk, sözi ep-esli, Köpden köp ýazmaga ökdedir ökde. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem azajyk - azajygy.