awy

[a:wy]

  1. Zäherleýji, öldüriji madda, zäher.

    • Aragyna awy guýup hem öldürerler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Agyry, yza.

    • Artyk öz ýüreginde awy diýdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýaranyň awusy bar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem awy - awusy.

ant içip, awy ýalamak

seret ant

bagyr awusy

seret bagyr

  • Balam, bagyr awusy-ýaman zat. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

gar awusy

seret gar

  • Howa erbet bulaşypdyr, gar awusy bar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)