awuly

[a:wuly]

  1. seret zäherli

    • Bu jaýda bir hili erbet dermanlar saklanypmy ýa-da awuly gazlaryň synag edilýän jaýymy, näme-de bolsa bir erbet ysy bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Awuşap duran, agyryp duran, ýiti agyryly.

    • Awuly ýara.

  3. Elhenç aýazly howa hakda.

  4. Göçme manyda Zyýanly, ajy, ýakymsyz.

    • Munuň garşy bolup edip biljek zady hem ýok weli, käwagt awuly dilini ýetirip durýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Içiniň ýelini kemally dökmedik Gulluhan awuly söz urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)