atylmak işlik

  1. Ot açýan ýarag bilen tüpeňlenmek, ot açýan ýarag göçürilmek.

    • Şeýle ýakyndan atylmagy zerarly pulemýotyň sesi hem gulagyňy gapyp barýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Ot açýan ýarag bilen öldürilmek.

    • Ol ýagdaýy gören beýleki itler atylanlaryň ýanyna hasanaklaşyp barýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Oklanmak, taşlanmak, zyňylmak.

    • Guýa atylan daş ýaly bolmak. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)