atlandyrmak1 işlik

Ata mündürilmek, bir ýere ugradylmak.

atlandyrmak2 işlik

[a:tlandyrmak]

At bermek, at dakmak.

  • Ol agtyklarynyň içinde öz kakasynyň ady dakylan Wepany ýa-da öz atlandyryşy ýaly Kakany gowy görýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)