atanak

  1. Iki çyzygyň, agajyň we ş. m. keşismeginden emele gelýän şekil, figura.

  2. Ýogyn ýüplük egrilýän gural.

  3. Haçja görnüşli iki metrlik uzynlyk ölçeg guraly.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem atanak - atanagy.

atanak çekmek

  1. Atanak görnüşli çyzyk geçirmek;.

  2. Pis, erbet görülmek, näletlenmek.

    • Sen öz hetdiňi tanaman, körlerçe gadam urup, öz ähtibaryňa atanak çekýärsiň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)