asyr

Ýüz ýyl, ýüz ýyl arasyndaky wagt, döwür.

  • Halk köpçüligi arasynda asyrlar boýy dilden-dile, nesilden-nesle geçip, ýatdan aýdylýan şahyrana döredijilige halk döredijiligi diýilýär. («Edebiýat»)

  • Mämiýew ýerinden galyp, onuň bilen gadyrdan görüşdi-de, geçen asyryň şaýady-mis kündügini alyp daşary çykdy. (N. Jumaýew, Ak Derek)

orta asyr

Ýewropanyň taryhynda 5 asyrdan 15 asyra çenli bolan döwür.