asman as‧man

[asma:n]

  1. Ýeriň ýüzündäki görünýän atmosfera-gümmez görnüşindäki giňişlik.

    • Asmanyň ýüzünde bolmasa-da Aý, Gar şöhle salýardy ýeriň ýüzüne. (Çary Aşyr, Poemalar)

    • Gijäniň heniz şam salmadyk Aýy, giň asmandaky bölejik bulutlara girip çykýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Asmanyň aýna ýüzüne hünji dökülen ýaly paýrap çykan ýyldyzlar asudalyk bilen ýylpyldaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Göçme manyda Ýokary, belentlik.

    • Märekäniň şat sesi asmana galýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Goýy tüsseler asmana galýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Gyzyl horaz pasyrdap asmana galdy. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

asman paýyňy çekmek

Elinde baryny etmek, eliňden näme gelse şony etmek.

  • Eliňde bolsa, asman paýyňy aşak çekäý. (D. Agamämmedow, Gogşular we Pýesalar)

asman ýagtyltgyçlary

Ýyldyzlar, planetalar.


Duş gelýän formalary
  • asman-da
  • asmana
  • asmanam
  • asmanda
  • asmandady
  • asmandaky
  • asmandakyny
  • asmandakyň
  • asmandan
  • asmandanam
  • asmandanmy
  • asmandy
  • asmandyr
  • asmandyrlar
  • asmandyňyz
  • asmanlar
  • asmanlara
  • asmanlary
  • asmanlaryň
  • asmanly
  • asmany
  • asmanym
  • asmanyma
  • asmanymdan
  • asmanymyz
  • asmanymyzyň
  • asmanymyň
  • asmanyn
  • asmanyna
  • asmanynda
  • asmanyndaky
  • asmanyny
  • asmanynyň
  • asmanyň
  • asmanyňam
  • asmanyňda
  • asmanyňdan
  • asmanyňy