asmalyk

Gelin almaga gidilende düýäniň iki gapdalyndan dakylýan ýa-da diwaryň ýüzüne gerilýän dürli mata bölejiklerinden edilýän dört burç bezeg.

  • Eýwanyň diwarlarynyň ýüzlerine asmalyk, düýebaşlyklar gerdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Gapyda duran erkegiň howudynyň iki ýanyndan ýaşyl begresden haly gerlip, üstünden asmalyk asylypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem asmalyk - asmalygy.