asmak işlik

  1. Bir zatdan sallap goýmak, bir zada ildirmek, dakmak, goýmak.

  2. Dara çekip, ölüm jezasyny bermek.

    • Dartyp dar agaçdan asyp niçesin. Hökümni zor bilen ýöreden kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

bir aýakdan asmak

Parh goýmazlyk, bir meňzeş hasaplamak.

  • Ine, şu sözlerden çykarsaň many, Asma bir aýakdan hemme ynsany. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gulak asmak

seret gulak

  • Siz bir zat aýtsaňyz, olar hökman gulak asarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

nahar asmak

Iýer ýaly bir zat bişirip başlamak, nahar taýýarlamak.