Gadyr-gymmaty köp bolan, gowy görülýän, hormat goýulýan.
Emma welin, arzyly myhmanyň elinde diňe gazetden başga sowgat ýokdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Nejis duşmanlar nirede arzylyny yzarlaýar-diýşip gynanýardylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Parahatlyk! Ýer şarynyň millionlarça adamlarynyň iň arzyly islegi şu söz bilen baglanyşyklydyr. («Mydam taýýar» gazeti)