arzanlatmak işlik

[arza:nlatmak]

Nyrhyny peseltmek, arzan etmek, bahasyny aşaklatmak.

  • Köp ulanylýan önümleriň bahalaryny barha arzanlatmak işi barada degişli çäreler görülýär.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem arzanlatmak - arzanladýar, arzanladar, arzanladypdyr.