arzan sypat

[arza:n]

Nyrhy pes bolan, gymmat däl, bahasy az bolan.

  • Bu ikisi hasap edişip, jedelleşip, biri ýaşçygy arzan düşürýär, ikinjisi bolsa sebedi arzan düşürýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Onlaryň nyrhlary-da geçen ýyldakysyndan has arzan. (Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Zatlar örän arzan we bol bolmady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

arzan düşmezlik

Aňsat düşmezlik.

  • Beýle zat saňa arzan düşmez, Sapa! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)