arz

  1. Bir zada närazyçylyk bildirilip edilýän şikaýat.

    • Baýara arz edip, diwana girdim. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

  2. Adalatsyzlygy, nädogrulygy we ş. m. ýok etmek maksady bilen edilýän resmi şikaýat.

  3. Haýyş, ýüz tutma.

    • Aýlar! Belki, arzym kabul ederseňiz. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Arzymny eşitgil arabyň şahy, Gülendam dek söwer ýary görmedim. («Görogly» eposy)