artykmaç

  1. Gereginden agdyk, köp, artyk, süýşük.

    • Daýhanda malyna emlemäge artykmaç galla nirede? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gylýallaň hem düýeleň näçe bolsa plany, Bizde artykmaç bolýa, sizde nähili, dostum? (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  2. Ajaýyp, gowy, oňat, gözel, tapawutly, aýratyn.

  3. Gereksiz, biderek, gereginden artyk.

    • Aşyryň oňa artykmaç azar beresi gelmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Mundan beýläk, indi, dagy.

    • Töwerekdäki eýmenç görnüşe artykmaç çydaman, Artyk içerik girdi. Artykmaç çydara hiç kimde takat galmadyk ýaly göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem artykmaç - artykmajy.