artyk ar‧tyk sypat

  1. Süýşük, artykmaç, gereginden artyp galan (zat).

    • Kassada goýsaňyz artyk puluňyz, Gerek wagty alyň, boşdur eliňiz. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

  2. Köp, zyýat; başga.

    • On ýyl ýaşadym welin, şondan artygy başartmaýar. (M. Gorkiý, Ene)

    • Manat ýasaýanyň ogly bolanymda-da, şundan artyk pul sowup bilmerin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Göçme manyda Ajaýyp, aýratyn, tapawutly, juda, gowy.

    • Öňküden-de artyk bolsun owadan. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Onuň ejesi gyzyny çenden artyk söýýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Meniň ol gyzlardan nämäm artyk? (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem artyk - artygy.

çenden artyk

Örän köp, gereginden artyk.


Duş gelýän formalary
  • artyga
  • artygam
  • artygrak
  • artygy
  • artygyny
  • artygynyň
  • artygyň
  • artykda
  • artykdan
  • artykdy
  • artykdygy
  • artykdygyna
  • artykdygyny
  • artykdyr
  • artyklardan
  • artyklaryň
  • artykly
  • artyklygy
  • artyklygyna
  • artyklygyndan
  • artyklygyny
  • artyklygynyň
  • artyklygyň
  • artyklyk
  • artyklykdan
  • artyklylar
  • artykmy