artmak art‧mak 1 işlik

  1. Artykmaç galmak, süýşmek.

    • Edilen çakdan pul örän köp artdy. Galla hem artyp galdy.

  2. Köpelmek, ýokarlanmak, ösmek.

    • Mähriniň gaharjaňlygy hem artypdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

artmak art‧mak 2 işlik

  1. Arassalamak, süpürmek, tämizlemek.

    • Döle artmak. Işikdäki gary artmak.

  2. Gabygyny, daşyny soýmak, gabygyny aýyrmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem artmak - ardýar, ardar, ardypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ardam
  • ardan
  • ardanlarynda
  • ardanyň
  • ardyp
  • ardýan
  • artdy
  • artdygy
  • artdygyça
  • artdykça
  • artdylar
  • artdym
  • artdyr
  • artjagyna
  • artjagyny
  • artjak
  • artjakdygy
  • artjakdygyna
  • artjakdygyny
  • artjakdyr
  • artma
  • artmady
  • artmaga
  • artmagy
  • artmagydyr
  • artmagyna
  • artmagynda
  • artmagyndan
  • artmagyny
  • artmagynyň
  • artmagyň
  • artmajakdygyny
  • artmak
  • artmakdan
  • artmaklygy
  • artmaklygyna
  • artmaklygynyň
  • artmaklyk
  • artmaly
  • artman
  • artmasa
  • artmasy
  • artmasydyr
  • artmasyn
  • artmasynda
  • artmasyny
  • artmasynyň
  • artmaz
  • artmazdan
  • artmazlygy
  • artmaýan
  • artmaýar
  • artsa
  • artsyn