artel

  1. Bir hünärdäki adamlaryň, esasan hem senetçileriň önümçilik birleşigi.

  2. Önümçilik serişdelerini umumylaşdyrmak esasynda kollektiw hojalygy alyp barmak üçin, raýatlaryň önümçilik birleşiginiň esasy sosialistik formasy.

    • Arteliň düzgünnamasyny köpçülige düşündirmek komsomollaryň borjy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ol ikisi düýpde, artelden alan dokmalarynyň üstünde ýüzlerini galdyrman çitýärdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Artele tabşyrylan düýp halylaryň hemmesi birinji sortdan geçdi.


Duş gelýän formalary
  • artelde
  • artelden
  • artele
  • arteli
  • artelimiziň
  • arteliniň
  • arteliň
  • artellerinde
  • artelleriniň