artdyrmak1 işlik

  1. Artyp galdyrmak, süýşürmek.

  2. Köpeltmek, sanyny ösdürmek, üstüne goşmak.

    • Tygşytlylyk daýhanyň açar ýoluny, Güýçlendir hojalyk, artdyr malyny. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

  3. Ýokarlandyrmak, güýçlendirmek.

    • Hamanyň düýbünden turan agy sesi ol gussany has hem artdyrdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

artdyrmak2 işlik

  1. Birine süpürtmek, arassalatmak, tämizletmek.

    • Döle artdyrmak. Ýataklary artdyrmak.

  2. Gabygyny aýyrtmak, daşynyn hamyny soýdurmak.

    • Käşir artdyrmak. Sogan artdyrmak.